Gomishan

Iran / Golestan / Bandar-e Torkaman /

Gomishan is a city and capital of Gomishan District, in Torkaman County, Golestan Province, Iran. At the 2006 census its population was 15,639.
Nearby cities:
Coordinates:   37°4'11"N   54°4'27"E

Comments

  • komosh defa
  • makhtum
  • Türkmensährada has irki döwürlerden bäri Etrek-Gürgen türkmenleriniñ japarbaỳ taỳpasynyñ köpüsini ozünde ỳerleşdirip Türkmensähranyñ merkezi hasaplanỳan Kümüşdepe şäheri hakda henize çenli ỳeterlik maglumat ỳok . Hazar deñziniñ gündogar-günorta çüñkündäki ỳerleşen Bendertürkmen port şäheriniñ 18 kilometr demirgazygynda ỳerleşen Kümüşdepe şäheri XX asyryñ başlarynda Reza Pählewi hökümeti eỳelän döwründe oña “Gomişan” diỳlen at goỳulypdyr. Eỳranda Yslam Respublikasy döränden soñ ỳene-de öñki ady oña gaỳtarylyp alyndy. Bu şäher Garaşsyz Türkmenistanyñ günorta-günbatar çüñkünde ỳerleşen Esenguly etrabynyñ göni günortasynda 40-50 kilometrlikde ỳerleşen Kümüşdepe şäheri giñ ỳatan tekiz düzlükde bina bolup, ondaky jaỳlar, köçeler ençeme taryhy wakalary başdan geçiripdir. Gülistan welaỳatynyñ Demirgazyk-Günbatarynda ỳerleşỳär. Günorta tarapy Hojanepes we Bendertürkmen şäherine, Demirgazykda Garaşsyz Türkmenistanyñ serhedine, Gündogarda Akgala şäherine we Günbatary bolsa Hazar deñzi bilen serhetleşỳär. Onuñ ỳerşarynyñ grafiki bellikleri boỳunça 5 prima 54 gradus gündogar uzynlygyna we 6 prima 37 gradus demirgazyk iỳnligine Angliỳadaky Griniwiç şäherindäki ỳerşary ölçeginiñ başlangyç tarapyndan aralygy bar. Açyk deñiz ölçegi boỳunça 22 metr suw ỳüzlüginden pes derejede durỳar. Kümüşdepäniñ günorta bölekleriniñ howasy Hazaryñ ỳyly howasyndan gözbaş alỳar. Demirgazyk bölekleri Garagum çölüniñ täsiri sebäpli ỳarym düzlükden ybarat. Ýerleriñ az bölegi ekin-dikin üçin ỳarasa, köp bölegi şor meỳdanlary öz içine alỳar. Gürgen derỳasynyñ boỳlaryny göz öñünde tutmasak beỳleki nokatlarynda ekerançylyk köplenç düme görnüşinde alnyp barylỳar. Bu şäheriñ adam sany 50,000 bolup, olardan 30 göterimi şäherde ỳaşasa, galany oña tabyn obalarda ỳaşaỳarlar. Umuman Kümüşdepä tabynlykda durỳan 53 sany oba bar. Kümüşdepe şäheriniñ binỳat bolan çägi Ahamenitleriñ döwründe “Girkany” ỳa-da “Hirkany, Werkany” diỳlip atlandyrylypdyr. Bu oazis Sasanitleriñ döwründe iññän medeniỳet merkezi hasaplanypdyr. Ol Maşatmisriỳan we Dehistan ỳaly medeniỳetleriñ ỳakyn gatnaşyklarynyñ bir bölegi bolupdyr. Kümüşdepäniñ demirgazygynda ỳerleşen “Kiçijik Kümüşdepe ỳa-da Kümüşdepejik” depesinden tapylan gymmatly tapyndylaryñ mälim edişine görä, ol ỳerde ösen medeniỳen bolup geçipdir. Bu depe Sasanitleriñ patyşalary tarapyndan Turanlylaryñ çozuşyndan aman galmak üçin saldyrylar “Gyzyl alan” diwarlarynyñ harabalarynyñ soñky eteklerinde ỳerleşipdir. Bu diwarlar Kümüşdepäniñ demirgazyk eteklerinden başlanyp 180 klm uzynlygy bilen Güllidag daglyklaryna çenli dowam edỳär. Oña pars dilinde “Sedde Iskänder” hem diỳipdirler. Bu diwaryñ kerpiçleri gyzyl reñkli dört gyran bilen kerpiçler bolany üçin, ol häzirki döwürde gyzyl depejikler ỳaly bolup görünỳär. Şonuñ üçin oña halk “Gyzylalan” diỳipdir. Henize çenli bu ỳerde hiç hili gazuw işleri ỳa-da oña degişli arheologik barlaglar geçirilmäni üçin ol harabaçylyga öwrülip adamlar onuñ kerpiçlerini öỳ salunmak üçin peỳdalanypdyrlar. Kümüşdepe, Hojanepes ỳa-da oña tabyn oba-etraplarda irki salynan jaỳlaryñ köpüsiniñ kerpiçleri gyzylalan diwarlarynyñ kerpiçleri bolup durỳar. Bu diwaryñ deñze tarap çümüp gidỳän eteklerinde ỳerleşen depejik bolsa bir zamanlarda ada bolupdyr. Horezmşalaryñ patyşasy Soltan Jelaleddin Horezmşanyñ atasy Soltan Gütbetdinmuhammet Horezmşa, Çingizhanyñ çozuş döwründe bu adany gaçybatalga edip saỳlapdyr. Onuñ öñki ady “Abesekun” adasy bolupdyr. Belli orta asyr alymy Hojanasretdin Tusynyñ Abesekun baradaky wakany belläninde berỳän geografiki ỳerlik belliginiñ, şoña gabat gelỳändigi gös göni görnüpdur. Aslynda Kümüşdepe adynyñ goỳulmagy hem bu depeden kümüşdir- bürünç ỳaly şaỳ-sepleriñ çykmagy sebäplidir. Şeỳlelik bilen bu diwar “Sul” (Suwlyhan) atly türkmen patyşalary tarapyndan türkmenleriñ gol astyna geçỳär. Bu diwaryñ gapysy Turanylalara (Türkmenlere) açylmagy bilen Abesekun adasynda kem-kemden türkmen ilaty otutumlaşyp başlaỳarlar. Birinji gelen ilat Oguzlaryñ musulman bolan türkmenleri bolupdyr. Türkmenler bu adany bir badany oturumlaşmak üçin peỳdalanman, eỳsem gyş aỳlarynda oturylỳan “Gyşlyk” hökmünde peỳdalanypdyrlar. 1850-nji ỳylda Abheri atly alym üç hepdelik Kümüşdepede ỳaşan mahaly şeỳle ỳatlaỳar: “ Kümüşdepe esasan gyş aỳlarynyñ ỳaşaỳyş mekany bolupdyr. Onuñ sebäbi beỳleki pasyllarda ol ỳerlerde ỳokanç keselleriñ köpelmegi bilen az sanly adam onda galypdyr. Kümüşdepe Gürgen derỳasynyñ uly agzyna çenli dowam edỳär. Ol ỳerlerde derỳanyñ ini hem çuñlygy artyp, balyk awlamaga ilat üçin amatly şert döredilipdir”.
This article was last modified 10 years ago