Aşur Ada

Iran / Golestan / Bandar-e Torkaman /
 Bir fotoğraf yükle

Aşur Ada Hazar Denizi'nin İran kesimindeki bir adadır. Bu ada Bender Türkmen (Türkmen Limanı) kentinin yakınındadır
Nearby cities:
Koordinatlar (Enlem ve Boylam):   36°54'29"N   53°59'10"E

Yorumlar

  • Hazar deñziniñ gündogar kenar ỳakalaryndaky aỳlaglara garanyñda Gürgen aỳlagy iñ uly aỳlaglaryñ biri bolup durỳar. Ol Miỳankale (Aşyrada) ỳarym adasynyñ Hazar deñziniñ gündogar kenar ỳakalaryna tarap öñe süỳşmek netijesinde emele gelipdir. Gürgen aỳlagynyñ çuñlygy we giñligi ỳerli geografiki şertleriñ talabyna görä, Hazar deñziniñ suw göwrüminiñ gal-goply täsirleriniñ astynda durỳar. Gürgen aỳlagynyñ meỳdany 400 kwadrat kilometr , gündogar-günbatara tarap uzalyp, ini bolsa 50 kilometr 4-den 12 kilometre barabardyr .Gürgen aỳlagynyñ suw çuñlygy syka we günbatar böleklerinde suw şorlygynyñ möçberi has sykalygy hem köp bugarmagy sebäpli Hazar deñziniñ suw şorlygyndan köp mukdarda durỳar . Elbetde Garasuw ỳaly suwly derỳalaryñ aỳlaga guỳỳan agzynda süỳji suwyñ köp akmagy sebäpli şorlyk derejesi pese düşỳär. Gürgen aỳlagyny dünỳä möçberinde “köresuw” ölçeginde hasaba alỳarlar. (köresuw kölçeleriñ ölçegi has kiçi we syka bolỳar.) Onuñ özboluşly tebigy häsiỳetine garap dünỳäde 18 sany köresuwyñ we Eỳranda 9 sanysynyñ biri diỳip hasaba alỳarlar . Gürgen aỳlagyndaky sebitiñ ỳaşaỳyş şertine , Hazar deñzi, derỳalaryñ oña guỳmagy we Myỳankala adasynyñ täsir • Aşyr-Ada bogazynyň asmandan düşürilen suraty. ỳetirmeginde bolup, suwdaky ỳaşaỳan jandarlarhem teññeli we teññesiz balyklaryñ köpelmeginde şeỳle hem guşlaryñ gyşlamagynda möhüm roly bar. Balyklaryñ çendenaşa köp awlanmagy , senagat suw galyndylarynyñ , şaheriñ hapa suwlarynyñ hem dürli kanalizatsỳalaryñ oña guỳulmagy , bu aỳlagyñ suwunyñ hapalanmagyna hem çäginiñ zaỳalanmagyna sebäp bolỳar . Şonuñ üçin bu sebiti kadaly düzgüne getirmegiñ ugrunda dürli çareler göz öñünde tutulỳar . Bu aỳlagyñ has giñ göwrümi uly Aşyrada bilen Bendergez şäheriniñ aralygynda 17 kilometr uzaklygy bolup ,has insiz tarapy Behşähr( Bişäher) şäheri bilen Aşyradanyñ aralygyndan 3-4 kilometrlik suwly bogaz ( tenne ) Hazar bilen bu aỳlagy birleşdirỳär . Asyrlaryñ dowamynda käbir halatlarda Aşyradanyñ dört gyrasyny jähekläpdir . Ýöne Hazar deñziniñ suwunyñ kemelmegi zerarly onuñ günbatar tarapy suwdan çykyp ,guraklyga öwrülipdir . Bu ada 80 kilometrlik gündogar-günbatar jähede uzynlygy wqe 10-15 kilometr ini bilen “ ỳarym ada “ bolup galypdyr . Onuñ üçin öñki döwürlerde atlandyrylşy ỳaly uly Aşyrada, Kiçi Aşyrada we Orta Aşyrada diỳlen atlar ỳok. Ýöne tutuşlygyna bir at bilen atlandyrylỳar. ỳañy ỳatlap geçişimiz ỳaly, öñki döwürlerde Aşyradanyñ orta çäklerinde Sefewileriñ arasyndan galan galanyñ bardygy sebäpli, oña parsça “Miỳan gäl,e” diỳlipdir. Emma Rus goşuny 1840-njy ỳylda bu adany eỳeläp, ol ỳerde harby bazasyny gurnapdyrlar.”8 Oña ruslar “Miỳankala” diỳip atlandyryp, henize çenli “Miỳankale” diỳỳärler.
This article was last modified 10 yıl önce